Häkimiýetler maglumat akymyna gözegçilik etmek, raýat jemgyýetini bogmak, ýurdyň içerde we daşary ýurtlarda asuda ýol bilen başgaça pikirleri öňe sürýänleri jezalandyrmak maksady bilen ilatyň söz we birleşmek azatlygy hukuklaryny düýpli çäklendirmegini dowam etdirdi. Aýal-gyzlar we LGBTI adamlar öz hukuklaryna, azatlyklaryna we beden özbaşdaklygyna esassyz çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Pagta ýygymy mowsüminde döwlet tarapyndan ilatyň mejbury zähmete çekilýändigi baradaky habarlar dowam etdi. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin ýurtda degerli çäre görülmedi.
Düşündiriş
Türkmenistan adam hukuklary boýunça jemgyýetçilik guramalary, BMG-nyň ýörite mehanizmleri we garaşsyz habar beriş serişdeleri üçin ýapyklygynda galdy, bu içerki senzura bilen bilelikde halkara gözegçiligini we maglumat ýygnamak mümkinçiligini çäklendirdi.
Söz azatlygy
Döwlet, maglumat akymyna gözegçilik edip, ykdysady kynçylyklar ýaly negatiw habarlara senzura girizdi we internediň ilata elýeterli bolmagyny berk çäklendirdi. Ýüzlerçe müň domen, şol sanda habarlar, işewürlik we sosial media ýaly saýtlar petiklendi. Ýurtdaky Internediň tizligi iň haýal boldy we internet hyzmatlary dünýäde iň gymmatlardan biri boldy, hem de ýurtda internediň ýaýramagy halkara ölçeglere görä pes bolup, bu ýagdaý oba ýaşaýjylaryny, esasanam aýallary kemsitdi.
Howpsuzlyk gulluklary gadagan wirtual hususy torlaryň ulanylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklady we döwlet gözegçiliginden çykmaga synanyşanlary gorkuzdy, jerime saldy, tussag etdi.
Başgaça pikirlenýänleriň repressiýasy
Ýerli raýat jemgyýeti guramalary we aktiwistler ýurdyň içinde erkin we garaşsyz iş alyp bilmediler. Başgaça pikirlerini parahatçylykly ýol bilen beýan etmek ýa-da aç-açan öz pikirlerini aýtmak isleýänler ýurdyň içinde we daşary ýurtlarda azatlykdan mahrum edilmek ýaly jezalara sezewar boldular. Ynsan hukuklaryny goraýjy Mansur Mingelow we blogger Murat Duşemow gündogar Lebap sebitindäki türme koloniýasynda özlerine garşy gozgalan iş boýunça tussaglykda saklanmagyny dowam etdirdiler. Häkimiýetler olaryň tussaglykda sezewar bolan gynamalar we beýleki ýowuz daraşmalar baradaky şykaýatlaryny derňäp bilmediler. Olar syýasy sebäplere görä günäkärlenip, adam hukuklarynyň depelenmegini paş edendigi üçin biri 22 ýyl, beýlekisi bolsa dört ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. 6-njy oktýabrda ýurdyň daşynda ýaşamaga mejbur bolan aktiwist Dursoltan Taganowa Türkiýedäki öýünde ýerli polisiýa tarapyndan ýurdyň milli howpsuzlygyna howp salýandygy sebäpli saklandy we onuň Türkmenistana deportasiýa ediljekdigi öňe süüldi. Ol birnäçe sagatdan soň boşadyldy, ýöne ol henize çenli zor bilen deportasiýa edilmek howpy astynda galýar.
Häkimiýetler raýat jemgyýeti aktiwistlere, garaşsyz jurnalistlere we olaryň maşgala agzalaryna daşary ýurda gitmegi gadagan etdiler.
2020-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli syýasy sebäpler bilen iki ýyl azatlykdan mahrum edilenden soň zerur medisina bejergisini almak üçin daşary ýurda syýahat etmekçi bolan garaşsyz aklawçy Pygambergeldi Allaberdiýew Türkmenistanyň Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Eýran bilen serhetde tussag etdi. Oňa daşary ýurda gitmeginiň, şol sanda lukmançylyk bejergisi sebäpli syýahat etmeginiň gadaganlygy barada habar berdiler, ýöne resmi taýdan haýsyda bir subutnamany görkezmekden ýüz öwürdiler.
Zor bilen ýitirim etmek
Oppozisiýa aktiwisti Gülgeldi Annaniýazow 16 ýyl tussaglykdan soň boşadyldy, olardan 11 ýyl oň bilen hiç baglanşyk bolmady. Ol 2008-nji ýylda Norwegiýadan gaçybatalga alandan soň, ýurda gaýdyp gelen halatynda tussag edilipdi. Şol bir wagtyň özünde, tussaglykda saklanýan 100-den gowrak adamyň ykbaly we nirededigi barada maglumat ýok. Olaryň käbiri 2002-nji ýylyň noýabr aýynda şol wagtky prezident Saparmurat Niýazowyň janyna kast etmek synanyşygyndan soň tussag edilipdi.
Aýallara we gyzlara garşy zorluk
Fewral aýynda Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komiteti (CEDAW) 2022-nji ýylda geçirilen milli barlagyň netijesini belläp, onda sekiz aýaldan biriniň ýakyn ýoldaşy tarapyndan fiziki we / ýa-da jyns taýdan zorluga sezewar edilendiginiň anyklandygyny belledi. Komitet häkimiýetleri aýallara garşy jyns esasly zorlugyň, şol sanda maşgaladaky zorlugyň ähli görnüşlerini anyk kesgitleýän we jenaýat jogapkärçiligine çekýän kanunlary eglenmezden kabul etmegine çagyrdy. Emma, häkimiýetler bu ugurda düýpli öňegidişlik gazanyp bilmediler.
Mart aýynda neşir edilen Maşgala kodeksine girizilen üýtgetmeler, kazyýetde maşgada zorluga ýol berlen bolsa-da, aýrylyşmak meselesinde är-aýalyň ýaraşmagyny ileri tutmagy talap edýär.
Jynsy we köpeliş hukuklary
Şeýle hem, CEDAW göwrelilik çäginden bäş hepde soň, ýagny köpleriň göwreli bolup-bolmadygyny anyklamadyk halynda edilen abortlaryň jenaýatlaşdyrylmagy barada alada bildirdi. Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komitet häkimiýetleri 2022-nji ýyldaky BSG-nyň abort idegi düzgünlerine laýyklykda «aborty kanunlaşdyrmak we abort bilen bagly hemme ýagdaýda jenaýat jogapkärçiligini ýatyrmak” üçin kanunlara üýtgetmeler girizmäge çagyrdy.
Oktýabr aýynda Çaganyň Hukuklaryny goramak boýunça Geňeş ähli ýetginjeklere “ynamly we çagalara düşünukli bolan jyns we reproduktiw saglyk baradaky maglumatlary we hyzmatlary, şol sanda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri baradaky we zerur bolan halatda howpsuz abort etdirmek” ýaly maglumatlary elýeterli etmegi maslahat berdi.
LGBTI adamlaryň hukuklary
Erkekleriň arasyndaky özara ylalaşyk esasynda jyns gatnaşyklary üçin adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi dowam edildi. LGBTI degişli adamlara garşy diskriminasiý, zorluk we sütem dowam etdi, şol bir wagtda hüjüm edenler jezalandyrylmady. Häkimiýetler jynsy ugry esasynda diskriminasiýany aç-açan gadagan etmekden boýun gaçyrdylar we CEDAW komitetine ýurtda ähli adamlaryň “lezbiýan, geý, biseksual, transgender, interseks adam bolandygyna garamazdan zorluk, şantaj we şuňa meňzeş hereketlerden deň derejede goralýandygyny» beýan etdiler.
3-nji iýulda Türkmenistanda LGBTI adamlaryna garşy adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky dokumental filmiň daşary ýurda görkezilmeginden soňra LGBTI adamlar we daşary ýurtlardaky LGBTI aktiwistleri bilen aragatnaşyk saklaýar diýlip guman edilenleriň polisiýa tarapyndan nyşana alynandygy habar berildi.
Mejbury zähmet
Türkmen hökümetiniň soňky ýyllarda Halkara Zähmet Guramasy — HZG bilen hyzmatdaşlyga, şol sanda bu guramaň agzalaryna yzygiderli ýurda barmagyna rugsat berilmegine has açykdygyna garamazdan, ýutda pagta hasylyny ýygnamak möwsüminde mejbury zähmetiniň ulanylýandygy baradaky habaryň berilmegi dowam etdi. Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iýul aýynda çap eden hasabatynda 2023-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasynyň sapary dowamynda tapylan mejbury zähmetiň, şol sanda çaga zähmetiniň dowamly ulanylmagy baradaky subutnamalara çuňňur alada bildirildi.
Sagdyn gurşawa hukuk
2023-nji ýylyň dekabrynda COP28-de Türkmenistan Global Metan Borçnamasyna gol çekendigine we metany azaltmak boýunça ABŞ hökümeti bilen hyzmatdaşlyga razy bolandygyna garamazdan, hökümet metan gazynyň syzmagyny ýüze çykarmak we bu ugurda düzediş işlerini çaltlaşdyrmak üçin täsirli çäreleri görendigi barada hiç hili subutnama bermedi. Halkara Energetika Guramasynyň Global Metan gazynyň syzmagyny yzarlap, olara gözegçilik etmek boýunça 2024-nji ýyldaky hasabatyna görä, dünýäniň iň uly nebit we gaz kompaniýalaryndan biri bolan “Türkmengaz” metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda hiç bir jemgyýetçilik borçnamasyny ýerine ýetirip bilmändir.